Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler.
Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär.
Bugdaý ekilen meýdanlarda ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we oňa ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Hasabatlarda welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak we önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hem düýpli çäreleriň görülýändigi barada-da aýdyldy.
Häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berdiler.
Iş maslahatynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda häzirki wagtda welaýatlarda pile öndürijiler bilen bellenen tertipde şertnamalary baglaşmak, ýerli howa şertlerine laýyklykda, pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň tohumlaryny paýlamak, şeýle hem ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň alnyp barylýandygy barada-da aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany şeýle hem howanyň maýlamagy bilen baglylykda, öri we ekin meýdanlarynda dürli zyýanly mör-möjekleriň döremeginiň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.