Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 31 sanysy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna, Owganystandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyz Respublikasyndan hem-de Gruziýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awiakerosini, nebit bitumyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy.
Geleşikleriň jemi bahasy 20 million 590 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.