Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-täjik gepleşikleriniň netijeleri boýunça Duşenbede 5 resminama gol çekildi

16:4204.04.2024
0
16203

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň netijeleri boýunça şu resminamalara gol çekildi:

  • – Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy;
  • – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlaýyş merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • – Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Binagärlik we gurluşyk boýunça komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Geologiýa, seýsmiki durnukly gurluşyk we seýsmologiýa institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • – Arkadag we Hujand şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Arkadag şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen Hujand şäheriniň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň (Sugt oblasty, Täjigistan Respublikasy) arasynda Ylalaşyk.

Duşenbe şäherinde geçirilen türkmen-täjik gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dürli ugurlar boýunça özära bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň