Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag» futbol topary ýeňişli tapgyryny 35 duşuşyga çykardy

15:3003.04.2024
0
10990

Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäheriň adybir futbol topary milli çempionatyň 5-nji tapgyrynda myhmançylykda «Aşgabady» 8:1 hasabynda ýeňip, ýeňişli tapgyryny üstünlikli dowam etdirdi. Şeýlelikde, toparyň bassyr gazanyp gelýän ýeňişlerinniň sany 35 duşuşyga çykdy.

«Arkadag» futbol toparynyň ýeňişli tapgyry geçen ýylyň aprel aýyndan başlaýar. Ol ilkinji ýeňşini Türkmenistanyň çempionaty ― 2023-iň 1-nji tapgyrynda gazanypdy. Topar şol duşuşykda «Merwi» 2:1 hasabynda ýeňipdi.

Toparyň geçen ýyl Türkmenistanyň çempiony bolandygyny we ýurduň Kubogyny gazanandygyny ýatladýarys. Geçen möwsümde topar çempionatda 24, Kubok ýaryşynda 7 duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň çempionatynyň şu möwsümindäki dört duşuşygynda-da ýeňiş gazanan «Arkadag» topary 12 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň