Soňky habarlar

Arhiw

«Transfermarkt» ozal SSSR-iň düzümine giren her bir döwletiň iň gymmat oýunçylaryny yglan etdi

10:3503.04.2024
0
16111

Abraýly statistika portaly bolan «Tansfermarkt» saýty ozalky sowet giňişligine giren döwletleriň her biriniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawyny mälim etdi.

Oňa laýyklykda, sanawyň iň ýokarky basgançagyndan häzirki wagtda «Napolide» çykyş edýän Hwiça Kwarasheliýa orun aldy. Türkmenistandan bolsa bu sanawa häzir «Kitçiniň» düzüminde oýnaýan Ruslan Mingazow goşuldy.

Gruziýa: Hwiça Kwarasheliýa (80 million ýewro, «Napoli»).

Ukraina: Aleksandr Zinçenko (42 million ýewro, «Arsenal» London).

Russiýa: Aleksandr Golowin (30 million ýewro, «Monako»).

Ermenistan: Eduard Spersýan (18 million ýewro, «Krasnodar»).

Gazagystan: Baktyýar Zaýnutdinow (6 million ýewro, «Beşiktaş»).

Moldawiýa: Oleg Rýabçuk (5 million ýewro, «Spartak» Moskwa).

Özbegistan: Abbosbek Faýzullaýew (5 million ýewro, SSKA Moskwa).

Litwa: Gwidas Gineýtis (2 million ýewro, «Torino»).

Estoniýa: Karl Heýn (2 million ýewro, «Arsenal» London).

Belarus: Ilýa Şkurin (2 million ýewro, «Stal»).

Azerbaýjan: Renat Dadaşow (2 million ýewro, «Hataýspor»).

Latwiýa: Raýmonds Krollis (1,5 million ýewro, «Wişkow»).

Täjigistan: Rustam Ýatimow (1,2 million ýewro, «Istiklol»).

Gyrgyzystan: Guljigit Alykulow (550 müň ýewro, «Neman»).

Türkmenistan: Ruslan Mingazow (450 müň ýewro, «Kitçi»).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň