Top.Mail.Ru

2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

10:2002.04.2024
0
13422

Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy biometrik pasportlary resmileşdirmek üçin täze nokatlary açdy, Aşgabatda taksi sürüjileri üçin boş iş orunlary yglan edildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaçanyň we ýazky ekinleriň ekişi dowam edýär.

2. Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň welaýat müdirlikleriniň täze bölümlerinde raýatlara biometriki pasportlary resmileşdirmek boýunça hyzmat ediş nokatlary açyldy. Täze bölümler Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Darganata etrap bölüminde, Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň Gyzylarbat etrap bölüminde hem-de Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Tagtabazar etrap bölüminde açyldy.

3. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabaraly çäre bilen ugurdaşlykda, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we döredijilik däplerini beýan edýän sergi hem guraldy. Onda amaly-haşam sungatynyň önümleri, türkmen taryhynyň gadymylygynyň we baý medeni mirasynyň görkezijisi bolan el işleri görkezildi. Döwlet Baştutanynyň täze kitaby serginiň merkezinde orun aldy.

4. «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boş iş orunlarynyň açylandygyny yglan edýär. Kompaniýa Türkmenistanyň raýatlaryny taksi sürüjisi bolup işlemäge çagyrýar. Dalaşgärler üçin esasy talaplar: «BC» topara degişli sürüjilik şahadatnamasynyň we sürüjilik tejribesiniň bolmagy. Dalaşgärler kompaniýanyň baş edarasyna ýüz tutup bilerler: Aşgabat şäheri, Çoganly ýaşaýyş toplumy, A.Nyýazow şaýoly, 422.

5. Türkmenistanyň demirýol pudagynyň ýolbaşçylary 4-nji aprelde Minsk şäherinde geçiriljek «Demir ýol logistikasy: häzirki ösüş kynçylyklary» atly halkara maslahata gatnaşarlar. Şeýle hem bu çärä halkara ulag guramalarynyň, Belarusyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň demir ýollarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Dünýäde

6. Ýakynda «Görgüli betbagtlar» filmindäki keşbi üçin iň gowy aktrisa diýen ugurda «Oskar» baýragyna mynasyp bolan Emma Stoun «New York Post» neşiri tarapyndan 2024-nji ýylyň iň gowy geýiniş stili bolan ýyldyz adyna eýe boldy. Neşiriň hünärmenleri aktrisanyň köýnekleriň etegini we dürli mata görnüşlerini ussatlyk bilen utgaşdyrmakda batyrgaý synanyşyklaryna haýran galýarlar. Stoun nusgawy we awangard stilleriniň arasynda ussatlyk bilen deňagramlylyk saklap, modada synag etmekden gorkmaýar. Ol uzyn owadan köýneklerde-de, batyrgaý gysga etekleri geýende-de deň derejede täsirli görünýär. Şeýle hem «New York Post» Golliwudyň altyn zamanasyndan ylham alan Margo Robbi we nusgawy erkek lybaslaryny häzirki zaman meýilleri bilen ussatlarça utgaşdyrýan Timoti Şalame barada durup geçdi.

7. Britan alymlary ýeralmanyň bişiriliş wagtyny birnäçe minuda çenli azaltmak üçin onuň genlerini redaktirlemegiň üstünde işläp başladylar. Bu çözgüt uzak wagtlap bişirilýändigi sebäpli Beýik Britaniýada bu önüme bolan islegiň azalmagy bilen baglanyşyklydyr. Täze taslama ýeralmanyň makaron ýa-da tüwi ýaly çalt bişmegine mümkinçilik döreder. Genetiki üýtgetme DNK-nyň ösümlik öýjükleriniň ýumşamagynyň tizligine jogap berýän bölegini üýtgetmäge gönükdirilendir. Netijede «iň amatly» ýerlama alnar: ol uzak wagtlap şekilini we terligini saklar, kesellere we zyýankeşlere garşy durnukly bolar, şol bir wagtyň özünde çalt bişer.

Sport habarlary

8. Taýlandyň Phuket şäherinde başlanan agyr atletika boýunça dünýä kubogyna 109 ýurtdan 450-den gowrak türgen ýygnandy, oňa Türkmenistanyň topary hem gatnaşýar. Dünýä kubogy 2024-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlarynyň iň soňky saýlama ýaryşydyr. Bu ýaryşyň netijelerine esaslanyp, iň soňky reýting düzüler. Bäsleşikde Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 9 türgen wekilçilik edýär.

9. Türkmenistanly futbolçy Musa Nurnazarow Kulýab şäheriniň «Rawşan» toparynyň 2024-nji ýylda Täjigistanyň çempionatyna gatnaşjak düzümine goşuldy. 25 ýaşly Nurnazarow ýakynda «Rawşan» bilen Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyna mynasyp bolupdy. Onuň «Rawşan» bilen şertnamasy şu ýylyň 31-nji dekabryna çenli niýetlenendir. Täjigistanyň çempionaty 6-njy aprelde badalga alar we 12 toparyň gatnaşmagynda iki aýlawda geçiriler.

10. Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde stol tennisi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi, oňa ýurduň ähli welaýatlaryndan 120 türgen gatnaşdy. Çempionat Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Stol tennisi federasiýasy we Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi tarapyndan guraldy. Aşgabatly türgenler çempionatda öňe saýlanyp, toparlaýyn we ýekelikdäki ýaryşlarda altyn medal gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň