Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Robert Zemekis Tom Henks bilen ýene bir film surata düşürýär

11:0801.04.2024
0
7198
Robert Zemekis Tom Henks bilen ýene bir film surata düşürýär
Surat: kinonews.ru

Meşhur «Forrest Gamp» filmini surata düşürijiler— režissýor Robert Zemekis, aktýorlar Tom Henks, Robin Raýt we ssenariçi Erik Rot ýene surata alnyş meýdançasynda jem boldular. Bu barada «Kinonews.ru» ýazýar.

Gürrüň «Bu ýerde» atly täze film barada barýar. Onda birnäçe nesliň dowamynda birnäçe maşgalanyň taryhy gürrüň berilýär. Film şu ýylyň noýabrynda giň prokata çykar.

Şu ýyl bu döredijilik toparynyň döreden nusgawy «Forrest Gamp» filmine 30 ýyl dolýar. Ol 1994-nji ýylda iň köp kassa ýygymyny toplan ikinji drama boldy we alty ugur, şol sanda iň oňat erkek keşbi hem-de iň oňat režissura we adaptirlenen ssenariý ugurlary boýunça «Oskar» baýragyny aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň