Top.Mail.Ru

Işewürlik-daýjest: 26-njy martdan 1-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri

10:4001.04.2024
0
6079

«Tyrkmenportalyň» nobatdaky hepdelik işewürlik-daýjestinde Türkmenistanda geçiriljek işewürlik çäreleri, söwda-ykdysady ulgamda halkara hyzmatdaşlygy baradaky habarlar, senagat taslamalary, maliýe başlangyçlary, ulag-logistika pudagynyň ösüşi we beýleki möhüm täzelikler barada okap bilersiňiz.

Öňde boljak çäreler

3 – 5-nji aprelde TSSE-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçiriler.

12-nji aprelde Aşgabatda «Türkmenistanyň işewürligine halkara tejribesini netijeli ornaşdyrmak» atly iş maslahaty geçiriler.

11 – 13-nji aprelde Gresiýada «FRESKON» miwe we gök önümleriň Bütindünýä sergisi geçiriler, Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri oňa gatnaşmaga çagyrylýar.

Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistan we Eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, sergileri we işewürlik maslahatlaryny geçirmegi meýilleşdirýärler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň daşary işler ministri Hoseýin Amir Abdullahiýanyň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.

Tokioda geçirilen türkmen-ýapon işewürlik forumynda iki ýurduň wekilleri Ýaponiýada Türkmenistanyň söwda wekilhanasyny açmagyň, şeýle hem Aşgabatda JETRO-nyň wekilhanasyny açmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Owganystan 4-6-njy mart aralygynda Aşgabatda geçirilen sergide owgan öndürijileriniň gazanan üstünlikleri sebäpli Türkmenistanda ýene bir owgan harytlarynyň sergisini geçirmek isleýändigini aýtdy. Şol serginiň çäklerinde taraplaryň arasynda möhüm şertnamalara gol çekildi.

Senagat

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni Türkmenistanyň Balkan welaýatynda ýerleşýän ýod-brom suwlarynyň täze ýataklaryny özleşdirmek maksady bilen, tehniki-ykdysady delilnamany (TYD) işläp düzmek boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.

Maliýe we ykdysadyýet

Döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bieln, «Sanly ykdysadyýet innowasion merkezi» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky paýnamalary hususylaşdyrylar.

Ulag we logistika

Awtomobil mekdepleriniň birleşigi hem-de «Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy» jemgyýetçilik birleşigi halkara awtomobil daşamalary ulgamynda ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin bilelikde Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini açarlar.

Türkmenistandaky «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» Niderlanlaryň «Damen Shipyards Group» kompaniýasynyň inženerleriniň gözegçiligi astynda «Damen CSD 650» kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnap başlar.

Söwda

10 ýyllyk işiniň dowamynda Türkmenistanyň ştrih-kodlar boýunça milli guramasy 76 müňden gowrak ştrih-kod berdi. TŞKMG-niň awtomatik kesgitleýiş ulgamy türkmen haryt öndürijilerini doly suratda öz gerimine aldy, bu bolsa olaryň önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmaga ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň