Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy

09:0801.04.2024
0
7887

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny, karbamidi, tehniki kükürt kislotasyny, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, binýatlyk ýagy, polipropileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine 100 göterim pagtadan öndürilen ranfors, nah ýüplük, aşgarlanmadyk nah ýüplük, ýorgan-düşek toplumlary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 70 million 944 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 42 million 79 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi, el halylaryny, buýan köküniň goýaldylan erginini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň