Milliarder, filantrop we «Microsoft» korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýts geljekde emeli aň tehnologiýasyna synmagyň garaşýandygyny çaklaýar, onuň pikiriçe, emeli aň hatda iň ýönekeýje meseleleri hem çözüp bilmez.
Milliarderiň sözlerine görä, häzir neýroulgamyň ýeňil tabşyryklaryň hötdesinden gelýändigine garamazdan, oňa geljekde ýok bolmak garaşýar. Geýts bu barada Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, «India Today» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.
Geýtsiň sözlerine görä, dünýä häzir EA (emeli aň) tehnologiýasy bilen ysnyşmagyň başlangyç tapgyrynda dur. Adamzada neýroulgam köp mümkinçiliklere eýe ýaly bolup görünýär, emma onuň bilen bagly birgiden meseleler hem ýok däl.
«EA siziň kyn hasaplaýan işleriňizi bitirip biler, soňra ol şowsuzlyga duçar bolar, hatda aňsat saýýan meseleleriňizi-de çözüp bilmez» diýip, Geýts nygtady.
EA-nyň ösüşiniň döredýän kynçylyklarynyň biri-de dipfeýklerdir. Bet pygylly adamlar dünýäniň täsirli adamlarynyň ýüz-keşplerini ulanmak arkaly wideogörnüşleri döredip, jemgyýete täsir edip bilerler.
Hindistanyň Hökümet başlygy Modi Bill Geýts bilen söhbetdeşlikde bu howpuň çözgüdi hökmünde EA tarapyndan döredilen kontentleri hökmany nyşanlamagy görkezdi diýlip, habarda bellenýär.