29-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onuň gün tertibine möhüm döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda ýaşaýyş jaý gurluşygy, maliýe, energetika, ulag, oba hojalygy we kanunçylyk başlangyçlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamasy
Öňde boljak çäreler
3 – 5-nji aprelde Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçiriler.
7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş we üstünlik gazanan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy geçiriler.
15 – 19-njy aprelde Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeligine gatnaşar.
23-nji aprelde Türkmenistanda EKOSOS-nyň Forumy bilen ugurdaş «Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegi boýunça ministrleriň dialogy» atly çäre guralar.
Şeýle hem aprelde aşakdakylar geçiriler:
- Oraza baýramy (10-njy aprel) we Türkmen bedewiniň milli baýramy (28-nji aprel) mynasybetli dabaralar,
- Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň hem-de Mary şäherindäki durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabaralary,
- Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda we Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ABŞ-nyň we Türkmenistanyň akapella toparlarynyň konsertleri.
Gurluşyk
Maliýe we ykdysadyýet
«Sanly ykdysadyýet innowasion merkezi» ÝGPJ-niň esaslyk maýasyndaky paýnamalary hususylaşdyrylar. Bu düzüm lomaý söwda, maýa goýumlary çekmek hem-de telekeçilik işini alyp barmak bilen meşgullanýar.
Ýangyç-energetika toplumy
Ulag we logistika
Awtomobil mekdepleriniň birleşigi hem-de «Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy» jemgyýetçilik birleşigi halkara daşamalaryny amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini we operatorlaryny hünär taýdan taýýarlamak üçin bilelikde Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini dörederler.
Oba hojalygy
Parlament işi