«Coddy» programmirleme mekdebi «Men we robot» atly ussatlyk sapagyna çagyrýar

11:1528.03.2024
0
12781

«Coddy» programmirleme mekdebi çagalary we uly ýaşlylary robototehnika dünýäsine çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berjek «Men we robot» atly ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar.

Ussatlyk sapagyna gatnaşyjylar diňe bir robototehnikanyň esaslary barada nazaryýet bilimlerini alman, eýsem, ony iş ýüzünde hem ulanyp bilerler. VEX toplumlaryny peýdalanmak bilen, siz öz eliňiz bilen roboty ýygnap, onuň işlenip taýýarlanylyşynyň ähli basgançaklaryny ädimme-ädim özleşdirersiňiz.

«Men we robot» ussatlyk sapagy — bu diňe bir öwrediji tejribe däl-de, eýsem, bu ugurdaky zehiniňi görkezmek, döredijiligi kämilleşdirmek we geljegiň hakyky işläp taýýarlaýjysy bolmagyň ýoluna düşmäge ajaýyp mümkinçilikdir» — diýip, «Coddy» mekdebiniň hünärmenleri belleýärler.

Ussatlyk sapagynyň spikeri — «Coddy» programmirleme mekdebiniň häzirki mentory Adyl Şukurlaýewdir.

Bu çäre 24-nji aprelde sagat 18:30-da şu salgyda geçiriler: «Berkarar» işewürlik merkezi, 1-nji gat, A7 ofisi.

Gatnaşmak üçin tölegi: 50 manat.

Çärä gatnaşmak üçin (+993 63) 42 67 51, (+993 63) 47 11 92 telefon belgileri arkaly habarlaşyp, şeýle-de şu salgylanma boýunça ýazylyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň