Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewi kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, TDG-niň Baş sekretary türkmen döwletiniň Baştutanyna wagt tapyp kabul edendigi hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň dünýä syýasatynyň we diplomatiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan ynsanperwer ulgamda döwletara gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşandy bellenildi. Şeýle-de Türki Döwletleriň Guramasynyň onda synçy döwlet derejesine eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we TDG-niň Baş sekretary asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ruhy däpleriň türki dilli ýurtlaryň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin binýat bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
- Türki döwletler bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýär --- diýip, döwlet Baştutany nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy ýurt hökmünde goşulan döwründen bäri bu düzümiň çäklerindäki dialogyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna üns çekildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we TDG-niň Baş sekretary Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen däp bolan gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Türkmenistanda baýram edilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlarynyň biri boldy. Beýik şahyryň eserleri tutuş türki dünýäniň gymmatlygy bolup durýar. Bellenilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, görnükli türkmen şahyrynyň edebi mirasyny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga gönükdirilen köp sanly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
- Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň bu çärelere işjeň gatnaşmagyny goldaýar --- diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bilelikdäki hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça oňyn tekliplere garamaga taýýardygyny tassyklady.
TDG-niň giňişliginde özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde dürli ugurlarda, ilkinji nobatda, bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynda maksatnamalaryň we taslamalaryň gerimini giňeltmegiň hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmäge, ony anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Baş sekretar Kubanyçbek Omuraliýew Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklaryň, dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.