«NG Kutahya» dükany: howlyny, werandany ýa-da eýwany bezemek üçin owadan mebel kolleksiýalary

15:0627.03.2024
0
12430

Arassa howada dynç alar ýaly jaýyňyzda owadan hem oňaýly burçy döretmek isleýärsiňizmi?

«NG Kutahya» dükany — howlyňyzda, werandaňyzda ýa-da eýwanyňyzda özboluşly atmosferany döretmekde wepaly ýardamçyňyzdyr. Dükan bu meselede diňe bir öýüňizi bezemän, eýsem köp ýyllaryň dowamynda rahat dynç almagyňyzy üpjün etjek ajaýyp mebel kolleksiýalarynyň giň haryt görnüşlerini hödürleýär.

Tebigy agaçdan taýýarlanan örme mebeller weranda, lojiýa ýa-da naharhana rahatlyk we giňişlik goşar. Şeýle mebelleriň açyk aýdyň siluetleri islendik reňk sazlaşygy bilen täsirli utgaşar.

«NG Kutahya» dükanyndaky bag-howly mebelleriniň haryt görnüşleri açyk eýwanlar we werandalar bilen restoranlaryň hem-de kafeleriň eýelerini hem gyzyklandyrar. «NG Kutahya» mebeliniň original dizaýny desgalaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrar, olary has döwrebap stile getirmek bilen, erkin dynç alyş äheňini goşar. Bu mebelleriň ýokary hilli we ulanmak üçin ykjam bolmagy uzak hyzmat etmegini şertlendirip, myhmanlar üçin ýokary derejede rahatlygy üpjün eder.

«Kutahya» dükany müşderilere şu salgyda garaşýar: Ak bugdaý etraby, Senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy. Dükanda mebelleri Aşgabadyň islendik ýerine eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp bolýar.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: 61 16 11;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň