Işewürlik-daýjest: 19 – 26-njy mart aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri

10:5726.03.2024
0
5463

«Tyrkmenportalyň» nobatdaky hepdelik işewürlik-daýjestinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda bolup geçen soňky wakalar we ösüşler barada okap bilersiňiz. Daýjest ýangyç-energetika toplumynyň, senagat önümçiliginiň, ulag we logistika ulgamynyň, hususy pudagyň ösüşleri we halkara ykdysady hyzmatdaşlyk barada habar berýär.

Ýangyç-energetika toplumy

«Çalık Enerji» türk kompaniýasy Germaniýanyň «Commerzbank» bankyndan we Şweýsariýanyň eksport-karz agentliginden (EKA) Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde kuwwatlylygy 1574 MWt bolan bug-gaz elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin ABŞ-nyň 586 million dollary möçberinde maliýe kepilligini aldy.

Senagat

Türkmenistanda ýurduň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirliginiň hem-de «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň paýly gatnaşmaklarynda «Türkmen gips» hojalyk jemgyýeti dörediler. Täze bilelikdäki kärhanada ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Geçen hepde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň wekiliýeti Brýussele we Italiýa iş saparyny amala aşyrdy. Kärdeşler bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda resminamalara gol çekildi we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meýilnamalary kesgitlendi.

Hususan-da, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekildi. Türkmenbaşy we Neapol şäherleriniň portlary hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler

Saparyň çäklerinde «Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi: täze ykdysady hyzmatdaşlyga tarap» atly «tegelek stol» maslahaty guraldy. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýewropaly işewürler bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň hatarynda «Cargolux», «Exagon Global BV», «Royal IHC» we «DEME» ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary bar.

Ulag we logistika

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Batyr Annaýewi «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakyndaky karary tassyklady. Ol bu wezipede başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşadylan Annadurdy Kösäýewiň ornuna bellenildi.

«Airbus» Türkmenistana uzakdan monitoring hem-de kosmosdan surata düşürmek boýunça hyzmatlary teklip etdi. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda «Airbus» kompaniýasynyň täze awionika we kosmos hyzmaty boýunça mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň sebitleýin okuw merkezi açylar. Ol diňe bir ýerli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitde gümrük işini ösdürmäge mynasyp goşat goşar.

«Türkmen Logistika» birleşigi Russiýanyň «Afanasiý Nikitin» birleşigi bilen ähtnama gol çekdi. Resminamanyň maksady ikitaraplaýyn we sebit derejesinde ekspeditorlyk işini hem-de ulag logistikasyny ösdürmekden ybaratdyr.

Aşgabatda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň täze merkezi edara binasy gurlar. Taslama laýyklykda, täze desga tehniki we serwer otaglary bolan bäş gatdan ybarat bolar.

Hususy pudagyň ösüşi

Türkmenistanyň Mary welaýatynda «Täze aý» hojalyk jemgyýetiniň täze eti gaýtadan işleýän kärhanasy açyldy. Onuň önümçilik kuwwaty bir tehnologiki aýlawda 500 başa çenli iri şahly maly we 1000 baş ownuk maly gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

TSTB-niň 16 ýyllygy mynasybetli geçirilen forumyň çäklerinde türkmen kompaniýalarynyň birnäçesi daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekdiler. Hususan-da, «Bagdan» HJ we «Bulutlar Kuruyemiş Tarim» türk kompaniýasy, şeýle hem «Täç hil» türkmen kompaniýasy we «Ostan Grup Diş Tijaret A.S.» türk kompaniýasy, şeýle hem beýlekiler özara şertnama baglaşdylar.

Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine doly agza hökmünde kabul edildi. Birleşik 2019-njy ýylda döredildi we türki döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täsirli meýdança bolup durýar.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçisi Ruben Harazýan iki ýurduň işewür wekiliýetleriniň özara saparlaryny guramak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Belarusyň köpugurly haryt biržasy şu ýyl alyş-çalyş biržanyň eksport mümkinçiligini durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Gürrüň esasan agaç materiallary, süýt önümleri we şeker hakynda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň