Parižde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum geçiriler

01:0524.03.2024
0
62271

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakyndaky» Kararyna laýyklykda, bu forumy 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu forumy guramaçylykly geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurduň ykdysadyýetiniň energetika, gurluşyk we senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga aýratyn üns berler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda ýurduň maýa goýum taslamalarynyň giňden açylyp görkezilmelidigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň