Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar deriniň owadanlygy üçin nähili iýmitlenmelidiginiň syryny açdylar

11:4619.03.2024
0
22585

Münhen uniwersitetiniň alymlary derisi düwürtik hem rozasea ýaly dürli görnüşdäki deri keselleri bolan 296 adamyň gatnaşmagynda barlag geçirdiler. Hünärmenler olaryň iýmitleniş rasionyny, ösüşini, agramyny öwrendiler, şeýle hem glýukozanyň, insuliniň we glikirlenen gemoglobiniň derejesini kesgitlemek üçin gan nusgalaryny aldylar. Bu barada «Nutrientse» salgylanyp, Mail.ru habar berýär.

Geçirilen barlagyň netijeleri deri keseli bolan adamlaryň iýmitleniş rasionynda gök önümleriň, miweleriň, ýeralmanyň we soýa önümleriniň köp derejede azdygyny görkezdi.

Şol bir wagtyň özünde derisi sagdyn adamlaryň iýmitlenişinde hem et we bal önümleri azlyk edýän eken.

Şunuň bilen birlikde hem, alymlar köp mukdarda süýt önümlerini iýmegiň döşde düwürtikleriň döremegine getirip bilýändigini anykladylar.

Noýba görnüşli önümler, hozlar, zeýtun ýagy, ýagly balyklar, miweler we gök önümler deriniň ýagdaýyny gowulaşdyrmaga kömek edýär. Şeýle hem deriniň sagdyn we owadan bolmagy üçin peýniri, et önümlerini çäklendirmek, alkogolly içgileri içmekden ýüz öwürmek maslahat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň