Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda üç müňden gowrak adam ýangyn sebäpli öýlerinden göçürildi

11:0618.03.2024
0
12348
Hytaýda üç müňden gowrak adam ýangyn sebäpli öýlerinden göçürildi
Surat: sb.by

Hytaýyň günorta-günbatarynda möwç alýan tokaý ýangynlary sebäpli üç müňden göwrak adam öz ýaşaýan ýerlerinden göçürildi diýip, «Kazinform» habar berýär.

Ýangyn geçen annada Syçuan ülkesiniň daglyk ýerlerinde başlady, ýerli häkimiýetler howply çäkden 10-dan gowrak obanyň ýaşaýjylaryny göçürdiler.

Häzir ülkäniň üç ýerinde güýçli tokaý ýangynlary dowam edýär. Olary öçürmek üçin 500 adamdan we sekiz dikuçardan ybarat topar hereket edýär. Bu ýere düzüminde 1038 adam bolan milli ýangyn-halas ediş topary hem geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň