ABŞ-nyň jemagat kitaphanalarynyň birinde täsin tutum badalga aldy, ol «Mart myrlamasy» diýlip atlandyrylýar. Bu geň tutum barada «MIR 24» ýazýar.
Massaçusets ştatyndaky Wusteriň kitaphanasynda badalga alan tutumyň maksady okamaga alan kitaplaryny wagtynda getirip bilmedik okyjylary çekmekdir. Martda alan kitabyny ýa ýitiren, ýa-da haraplan islendik okyjy kitaphana gelip, pişigiň şekilini görkezse ýeterlik. Munuň üçin onuň «günäsini» bagyşlaýarlar.
Şunda pişikleriň islendik şekili – fotosuraty ýa-da elde çekilen suraty hem bolýar. Kitaphana eýýäm sosial ulgamdaky sahypasynda pişikleriň okyjylar tarapyndan getiren şekillerini ýerleşdirip başlady.
Kitaphana diňe munuň bilen çäklenenok, bu ýerde okyjylaryň stresini peseltmek üçin pişikler bilen duşuşyklar hem guralýar.