Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek çäresine badalga berildi

16:5916.03.2024
0
17127

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurtda ählihalk bag ekmek çäresiniň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Şeýle hem döwlet Baştutany paýtagtyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde gatnaşdy. Bu barada TDH habar berdi.

Türkmenistanda tebigata aýawly çemeleşmek babatda gadymdan gelýän däp-dessurlara laýyklykda, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, ýurtda ýagşy dessura öwrülen köpçülikleýin bag ekmek dabarasy täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döremegini şertlendirýär. Bu bolsa türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegine oňyn şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen topragynyň ähli ýerinde kemala getirilýän ýaşyl zolaklar ekologiýa howpsuzlygynyň, ilatyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň