Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

10:5015.03.2024
0
15534
 Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Surat: mfa.gov.tm

14-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Gepleşiklerde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligini gowulandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, halkara hyzmatdaşlygy we ÝTÖB bilen bilelikde öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly täze taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan üçin 2019 – 2024-nji ýyllar boýunça ýurtlar strategiýasynda görkezilen ulag-logistika, maglumat tehnologiýasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, howanyň üýtgemegi we milli eksporta gönükdirilen kompaniýalary goldamak boýunça meseleleriň toplumyna seretdiler.

M.Bouman hyzmatdaşlygyň ýola goýlan döwründen bäri hususy pudagy ösdürmekde, döwlet we hususy edaralaryň maliýe binýadyny berkitmekde hem-de sebitdäki ulag aragatnaşygyny pugtalandyrmakda köp işleriň amala aşyrylandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldamak üçin göni daşary ýurt maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça işleri dowam etdirmäge taýýardygyny beýan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň