Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyp Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşdy

09:1014.03.2024
0
6086

2024-nji ýylyň 1 — 7-nji mart aralygynda Russiýa Federasiýasynyň «Sirius» federal çäginde Bütindünýä ýaşlar festiwaly geçirildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatlary esasynda, festiwala dünýäniň 188 ýurdundan 20 müň ýaşlar we ýaş liderler gatnaşdylar.

Ähliumumy adamzat gymmatlyklarynyň töwereginde guralan bu festiwala Türkmenistandan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Maliýe fakultetiniň bank işi we pul dolanyşygy taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Daýanç Hydyrow gatnaşdy.

Ýokary guramaçylykly geçirilen festiwalda dünýädäki ýaşlar bilelikde pikirlenip, geljekde dünýäni nädip gurmalydygy barada maslahatlaşmaga çagyryldy. Bu maksatnama diňe belli hünärmenleriň çekişmeleridir leksiýalaryny däl, eýsem sergi maksatnamasyny, medeni alyş-çalyş, sport ýaryşlary we bilelikdäki okuwlary, meýletinçilik çäreleridir beýleki interaktiw formatlary hem öz içine alýar.

D.Hydyrow 2023-nji ýylda Russiýa federasiýasynyň Soçi şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugy hem-de jenaýatçylyk ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Halkara ulgamlaýyn institutynyň guramagynda geçirilen Maliýe howpsuzlygy boýunça Halkara Olimpiada-da 2-nji orna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň