Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň müftüsi, Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň ymamlary bilen duşuşyk geçirdi

10:0212.03.2024
0
14469

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji martda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň müftüsi, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň ymamlary bilen hem duşuşyk geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda Oraza aýynda agyz beklenýändigi, däp-dessurlara laýyklykda, şäherlerde hem-de obalarda agzaçar sadakalarynyň berilýändigi, tarawa namazy okalyp, halkyň bagtyýar we abadan durmuşy, ýurduň gülläp ösüşi, türkmenistanlylaryň agzybirligi we jebisligi barada doga-dilegleriň edilýändigi barada aýdyldy.

Şeýle-de mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesinde ýurduň ähli welaýatlarynda täze metjitleriň jemagata gapylarynyň giňden açylmagynyň asylly ýörelgeleriň mynasyp dowamata atarylýandygynyň güwäsidigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Gündogaryň beýik filosofy we nusgawy türkmen edebiýatynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly hem giňden bellenilýändigini, bu babatda çäreleriň dünýäniň dürli ýurtlarynda-da geçirilýändigini nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy akyldaryň döreden eserlerindäki öwüt-ündewleriň ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýetlidigini, munuň bolsa türkmen jemgyýetiniň geljekde sagdyn ruhly, belent ahlakly ösüşini üpjün etmekde möhümdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň