Dubaý Birleşen Arap Emirliklerine düşen güýçli çabga ýagyşlaryndan soňra özüni dürseýär. Jemagat gulluklary ýollary suwdan arassalaýarlar diýip, «MIR 24» habar berýär.
Dubaýda çabgalar sebäpli bir günde 10 müňden gowrak adatdan daşary ýagdaý döredi. Suw jaýlaryň ýerzeminlerini we birinji gatlaryny basdy, howlulary gark etdi. Mekdepler we döwlet edaralary uzak aralykdan iş düzgünine geçdi. Howa menzili birnäçe gatnawlary ýatyrdy, uçarlar başga şäherlere ýollandy.
Düýn, ýekşenbede hem ýurtda howplulygyň «mämişi» derejesi saklandy, suwa düşülýän ýerler ýapyldy, ýollaryňdyr ötükleriň bir böleginde hereket saklandy, köpçülikleýin çäreler gadagan edildi.