Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag» Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine ýeňiş bilen girişdi

20:5007.03.2024
0
16074

«Arkadag» topary Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň 2-nji tapgyrynda «Altyn asyry» kabul edip, 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýeňijileriň düzüminde Arslanmyrat Amanow (14), Didar Durdyýew (27) we Altymyrat Annadurdyýew (82) tapawutlandy. Şeýlelikde, «Arkadag» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümindäki ikinji ýeňşini gazandy we milli çempionatdaky ýeňişli seriýasyny 25 oýna ýetirdi.

Tapgyryň beýleki oýunlary barada aýtsak, Balkan derbisinde «Nebitçi» myhmançylykda «Şagadamdan» 2:1 hasabynda üstün çykdy, «Aşgabat» myhmançylykda «Energetigi» 3:0 hasabynda ýeňdi hem-de «Ahal» Baýramalyda «Merwi» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Wladimir Baýramowyň şägirtleri indiki tapgyrda 10-njy mart güni myhmançylykda «Nebitçi» bilen duşuşarlar. Edil şol gün «Ahal» «Şagadamy», «Köpetdag» «Energetigi» kabul eder. 11-nji mart güni bolsa «Aşgabat» öz öýünde «Merw» bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň