Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow kazyýet edaralaryna arassa ahlakly, işbaşarjaň, halal işgärleri saýlap-seçip almagy tabşyrdy

00:5507.03.2024
0
13245

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün – 6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, bu edarany ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegiň barşy, edaranyň düzümlerine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, kazyýetleriň esasy wezipesiniň kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini üpjün etmekden, hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleridir şertleri aradan aýyrmakdan ybaratdygyny belledi.

– Kazyýet işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, öňdebaryjy tejribäni we sanly ulgamy işjeň ulanmak zerurdyr – diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna kazyýet edaralaryna aň-düşünjeli, arassa ahlakly, işbaşarjaň, halal işgärleri saýlap-seçip almagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň