Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Talyp gözeli — 2024» yglan edildi

10:3206.03.2024
1
42636

5-nji martda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeniýet we işewürlik merkezinde «Talyp gözeli — 2024» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyp gyzlarynyň arasynda her ýyl yglan edilýän bu bäsleşige deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan talyplaryň 23-si gatnaşdy.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşýan talyp gözeller 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak, türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle-de özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny aýdymdyr goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen açyp görkezdiler we türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek, keşde çekmek boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň netijelerine görä, baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Akgözel Ýagmyrowa, birinji orna Türkmen döwlet maliýe institutynyň 5-nji ýyl talyby Aýgül Atdyýewa, ikinji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Aýgül Allanowa hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Gülruh Hallymyradowa, üçünji orna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Gunça Jumageldiýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulnäzik Myşşyýewa hem-de Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Leýli Ernepesowa dagy mynasyp boldy.

«Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan talyp gyzlara Diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň