Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TDHÇB-nyň göçme birža söwdasynda 107 million ABŞ dollaryndan gowrak geleşikler baglaşyldy

07:0706.03.2024
1
9794

5-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň göçme birža söwdasy geçirildi-diýip, TDH habar berdi.

Owgan harytlarynyň sergisiniň çäklerinde geçirilen birža söwdalaryna Türkmenistanyň döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleri, şeýle hem Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Wirgin adalarynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Şotlandiýanyň işewürleri gatnaşdylar. Söwdalara gatnaşan wekiller özleriniň gyzyklanma bildiren dürli önümlerini satyn almak ýa-da satmak barada degişli söwda geleşiklerini baglaşdylar.

Göçme birža söwdalarynyň dowamynda jemi 70-den gowrak geleşikler baglaşyldy. Söwdalaryň netijeleri boýunça baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy daşary ýurt pulunda ABŞ-nyň 107 milliondan gowrak dollaryna, milli pulda 33 million manatdan gowraga barabar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň