Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

IV Açyk halkara matematika olimpiadasyna badalga berildi

15:0705.03.2024
0
28611

4-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen IV Açyk halkara matematika olimpiadasyna badalga berildi. Onuň açylyş dabarasyna olimpiada gatnaşyjylar, daşary ýurtly talyp ýaşlar, professor-mugallymlar, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar-diýip, «Nesil» gazetinde habar berildi.

Bu halkara olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň 400-den gowragy, şeýle-de daşary ýurtlardan — Bolgariýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Ispaniýanyň, Indoneziýanyň hem-de Saud Arabystanynyň 30-a golaý ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 120-ä golaýy gatnaşýar.

8-nji marta çenli dowam etjek IV Açyk halkara matematika olimpiadasy ýekebara we toparlaýyn görnüşinde guralar. Olimpiadanyň resmi dilleri türkmen we iňlis dilleridir.

Olimpiadanyň çäginde talyplar we myhmanlar üçin «Nusaý» ýadygärlikler toplumyna, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, «Berkarar», «Aşgabat», «Gül zemin» söwda we dynç alyş merkezlerine hem-de Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençleri guramak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň