Ýakyn günlerde Lebap welaýatynda Türkmenabat şäheriniň 2-nji senagat zolagyndaky buýan kökünden alynýan glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň açylyp, ulanylmaga berilmegine garaşylýar.
Jeyhun.news tarapyndan berilýän habara görä, onuň gurluşygy «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň binagärleri alyp barýarlar. Täze kärhananyň düzüminde önümçilik bölüminden we edara jaýyndan başga-da çig malyň saklanylmagy, hünärmenleriň işlemekleri we dynç almaklary üçin zerur binalar guruldy.
Kärhana işe girizileninden soňra ýylda glisirrizin turşusynyň 390 tonnasy öndürilip başlanar.
Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny almaklyk üçin Italiýanyň «Adipson Ind.Srl» kompaniýasynyň öndüren tehnologiýalaryndan peýdalanylar.
Enjamlary gurnamaga ýerli hünärmenler bilen birlikde italiýaly, serbiýaly, müsürli hünärmenler hem işjeň gatnaşdylar. Göz öňünde tutulan kämil tehnologiýalaryň aglaba bölegi gurnaldy diýlip, habarda bellenilýär.