Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Bolgariýanyň Prezidentini Azatlyk güni bilen gutlady

09:5804.03.2024
0
6404

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe ýurduň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rumen Radewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uly üstünlikleri, Bolgariýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Belläp geçsek, Türkmenistan bilen Bolgariýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 20-nji maýynda ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň