Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

15:3607.01.2016
0
997

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik işi tamamlanýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Saýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýeganini kabul etdi.

Ilçi Eýranda Türkmenistan bilen ýola goýulýan köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ähmiýet berilýändigini nygtap, Türkmen döwletiniň Baştutanyna Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň işine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de diplomat özara bähbitli we uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Saýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani işine ýokary baha berlendigi hem-de mähirli kabul edilendigi üçin milletiň Liderine  hoşallyk bildirip,  Türkmenistanda alty ýyl işländigini we özünde ýakymly täsirleriň, hoşniýetli duýgularyň galandygyny aýratyn nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň