Top.Mail.Ru

Arhiw

Si Szinpin: Hytaý siwilizasiýanyň täze görnüşini döretdi

10:4301.03.2024
0
13167
Si Szinpin: Hytaý siwilizasiýanyň täze görnüşini döretdi
Surat: gazeta.ru

Hytaý usulynda döwrebaplaşdyrmak kuwwatly döwleti gurmakda we milleti galkyndyrmakda täze ýoldur, ol siwilizasiýanyň täze görnüşini döretdi diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ýurduň Kommunistik partiýasynyň stajýorlary üçin okuw gollanmalaryna ýazan sözbaşynda belledi. Bu barada «Xinhua» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Syýasatçy diňe güýçli taglymat bilen Hytaýyň anyk ugry kesgitläp biljekdigini nygtady. Ol partiýanyň hatarlarynda «täze eýýamda marksizmiň endiklerini özleşdirmekde, syýasy bitewüligi we ýokary derejedäki raýdaşlykda hereketleriň jebisligini üpjün etmekde täze eýýamda hytaý özboluşlylygyndaky sosialistik pikiri durmuşa ornaşdyrmaga» çagyrdy.

HHR-iň Başlygy hytaý döwrebaplaşdyrylmagyny öňe sürmek bilen baglylykda, ýolbaşçylaryň syýasy sowatlylygy ählitaraplaýyn ösdürmegi, olaryň liderlik derejesini we işbaşarjaňlygyny ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň 100 million töweregi agzasy bar. Partiýanyň ugry ýurduň dolandyryjy ideologiýasy hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň