27-28-nji fewralda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri Tbilisi şäherinde geçirilen Transhazar ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça ikinji seminara göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Seminara Transhazar ulag geçelgesiniň assosiasiýasynyň, sanly ulgamynyň, TRAСEKA-nyň, döwlet edaralaryň wekilleri we degişli pudaklaryň bilermenleri gatnaşdylar. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, seminarda gatnaşyjy ýurtlar boýunça sanly ulgam başlangyçlarynyň özara arabaglanyşygyny emele getirmek babatda täze pikirler öňe sürüldi. Esasan hem, seminaryň maksady dolandyryş we jogapkärçilik, ygtybarly maglumat alyş-çalyşygy we sanly geçelgäniň transformasiýasy üçin möhüm bolup durýan kadalaşdyryjy hukuk binýady emele getirmek ýaly möhüm strategiki ugurlar boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy.
Seminaryň dowamynda sanly transformasiýanyň çylşyrymlylyklary we kynçylyklary, şeýle hem, sanly geljege tarap ägirt uly mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, her ýurtda sanly ulgam boýunça merkez döretmek we synag taslamalaryň mümkinçilikleri barada agzalyp geçildi.
Seminaryň ahyrynda, Transhazar ulag geçelgesiniň sanlylaşdyrylmagy babatda gatnaşyjylaryň teklipleri özara paýlaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.