Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepe etrabynda lagym arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi

10:1529.02.2024
0
19238

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ahal geňeşliginiň çäginde lagym arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Toý bagynyň kesilmegi bilen, il sylagly ýaşulularyň baş bolmagynda, dabara gatnaşyjylar kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr lagym suwuny arassalamaga deň bolan täze desga aýlanyp gördüler. Onuň gurluşygy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan ýokary talaplara laýyklykda ýerine ýetirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Oba milli maksatnamasyna esaslanyp, welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda gurlan täze desganyň çägindäki edara binasy, hlor öndürme, filtleri dolandyryş, lagym suwuny aýyrma, suw arassalaýjy, barlaghana, kompressor we transformator binalary, arassalanan suw hem-de hlor bilen garyşdyrma rezerwuarlary, ýuwuş suwunyň nasos bekedi, ussahana, ammar, şeýle-de degişli howuzlardyr meýdançalar özboluşly toplumy emele getirýär.

Sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsir etjek bu desgada oturdylan häzirki zaman innowasion tehnologiýalary, ýokary hilli enjamlar, sorguçlar, süzgüç ulgamlary lagym suwuny köp basgançakly arassalamaga we toplumyň işini sazlaşykly alyp barmaga mümkinçilik berer. Ilatly nokatlardan akyp gelýän lagym suwuny ýygnap, degişli talaplara laýyklykda arassalamakda we oba hojalyk maksatlary üçin peýdalanmakda möhüm ähmiýete eýe bolan bu desga bilen tanşan myhmanlar onuň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler diýlip, habarda bellenilýär.Gökdepe etrabynda lagym arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň