Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Köneürgençde üçem çaga — Aly, Omar, Osman dünýä indi

09:0929.02.2024
0
30621

Ýakynda Daşoguz şäherindäki «Ene mähri» merkezinde üçem çagajyklar dünýä indi. Köneürgenç etrabynyň Watan geňeşliginiň ýaşaýjysy Tagangeldiýewleriň agzybir maşgalasy öz perzentlerine Aly, Omar, Osman adyny dakypdyrlar.

Welaýat neşirinde berilýän habara görä, maşgala ojagynyň eýeleri Gurbandurdy bilen Selbigülüň kalbyndaky şatlyk duýgusy, ýurduň beýik ösüşlerine bolan hoşallygy olaryň buýsanjyny goşalandyrýar. Merkeziň baş lukmany Gunça Ýowbasarowanyň belleýşi ýaly, üçem çagajyklaryň saglyklary, agram derejeleri kada laýyk. Olaryň şatlygyna şärik bolup, bagtyýar körpelere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy has-da täsirli boldy.

Mähriban ene Selbigül bilen bolan söhbetdeşlikde ol şeýle diýdi: «Maşgalamyzda dünýä inen perzentlerim bagtyýar ojagymyza uly şatlyk getirdi. Bu ýerde lukmanlar çagajyklaryň saglyk ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde sakladylar. Bagtyýar maşgalamyzda 2 sany oglum we 1 sany gyzym bar. Çagajyklaryma hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy ýatdan çykmajak waka boldy. Munuň üçin begenjimiň çägi ýok. Ýurdumyzda bagtyýar maşgalalaryň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň