Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«RŽD Logistika» Aşgabatdaky medeni-dynç alyş toplumy üçin gurluşyk harytlaryny getirdi

14:3128.02.2024
0
21315

«RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýeti, Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligini we medeni we seýilgäh toplumyny gurmak üçin niýetlenen granit daşlaryny we bezeg elementleri ýüklenilen 68 wagonyň Türkmenistana getirilmegini üpjün etdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berdi.

Russiýadaky Oktyabrskiý demir ýolunyň Kupçinskaýa stansiýasyndan Türkmenistandaky Gypjak stansiýasyna çenli gurluşyk harytlaryny getirmek işi «RDÝ Logistikanyň» Sankt-Peterburg şahamçasy tarapyndan amala aşyryldy.

Ýüki gönüden-göni daşamakdan başga-da, «RŽD Logistikanyň» hyzmatlary bu ugurdaky taslamalary işläp taýýarlamagy we tassyklamagy, wagonlarda ýükleriň ykjam ýerleşdirilmegini üpjün etmegi, şeýle hem Kupçinskaýa demirýol stansiýasynda ýüklemek we düşürmek işlerini özünde jemledi.

«Munuň özi öndürijiden Türkmenistana granit daşlaryny ýollamak boýunça üstünlikli durmuşa geçirilen ikinji uly taslama. Çünki 2021-nji ýylda mümkin boldugyndan gysga möhletde — bary-ýogy bäş aýda 105 wagon ugradylypdy... Şahamça şeýle taslamalara gatnaşmak üçin döredilen mümkinçilige ýokary baha berýär we biz geljekde hem Russiýanyň demirgazyk-günbataryndaky iri kärhanalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi hem-de öndürijileriň eksportyny artdyrmaga ýardam etmegi meýilleşdirýäris» — diýip, «RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýetiniň Sankt-Peterburgdaky şahamçanyň başlygy Maksim Losew gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň