Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan şu tomus Awazada «Turkmenistan is open» atly maýa goýum forumyny geçirer

12:2928.02.2024
0
17529

Balkan welaýatynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Turkmenistan is open» atly maýa goýum forumy we sergisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Serginiň geçýän wagty: 2024-nji ýylyň 26-27-nji iýuny aralygynda.

Sergä degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sergide Türkmenistanda öndürilýän giň görnüşdäki azyk harytlary, ýagny et, şöhlat, guş eti, balyk, süýt, konditer, kakadylan miweleriň dürli görnüşleri, gök önümler, çörek önümleri, dürli görnüşdäki içgiler sergilener. Şeýle hem ýeňil senagaty, elektronika enjamlary, dokma we maldarçylyk pudaklary, söwda, bilim, çaphana we bezeg işleri, mebel önümleri, gurluşyk materiallary, mahabat, senetçilik, zergärçilik, tikinçilik we ilata edilýän hyzmatlar hem-de beýlekiler şöhlelendiriler.

Habarlaşmak üçin:

Tel.: (+993 12) 39 89 81, (+993 12) 39 88 81.

Email: info@cci.gov.tm, 5@cci.gov.tm.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň