Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Talyp gözeli – 2024» bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi

16:2627.02.2024
0
20189

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda talyp gyzlaryň ugurtapyjylygyny, iş başarjaňlygyny, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, medeniýetini açyp görkezmek maksady bilen ýylyň-ýylyna geçirilýän «Talyp gözeli – 2024» bäsleşiginiň institut tapgyry boldy.

«Talyp gözeli – 2024» bäsleşiginiň birinji şertinde talyp gözelleri türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungatda we döredijilikdäki ukyp-başarnyklaryny hem-de üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň joşgunly owazyny beýan edýän aýdym, goşgy, monologdyr sahna çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň ikinji şertinde talyp gyzlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, milli tagam bolan unaş kesmek boýunça bäsleşdiler.

«Hünärim bar — hormatym bar» diýip atlandyrylan üçünji şert boýunça bäsleşige gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyndan orun tapan keşde çekmek sungatyndaky ukyplaryny görkezdiler.

Gözellik bäsleşiginiň ýeňijileri ýörite eminler topary tarapyndan yglan edildi. Şeýlelikde, institutyň menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gurbangül Guljykowa Baş baýraga mynasyp bolup, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşikde ýeňiş gazanan talyp gyzlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň