Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredow bilen «Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy» paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary N.Samatowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.
Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmak we söwda dolanyşygyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, özbek tarapy «Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy» paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işi barada tanyşdyrdy.