Tamaş Şuýok Wengriýanyň Prezidentligine saýlandy

11:5027.02.2024
0
14964

Wengriýanyň Parlamenti ýurduň Konstitusion kazyýetiniň başlygy Tamaş Şuýoky Prezidentlige saýlamak barada ses berdi diýip, TASS habar berdi.

Mejlisiň deputatlarynyň 134-si onuň kandidaturasyny goldady, 5-si garşy çykdy, galan deputatlar ses berlişige gatnaşmady.

Konstitusiýa laýyklykda, Şuýok kasam kabul etmeli we sekiz günüň içinde wezipesine girişmeli. Oňa çenli Prezidentiň ygtyýarlylyklaryny Parlamentiň başlygy Laslo Kýewer ýerine ýetirer.

Wengriýanyň Prezidentiniň borjy milleti bitewüleşdirmeli, emma onuň hakyky ygtyýarlylyklary çäklendirilendir (kanunlara gol çekmek, kazylary bellemek, saýlawlaryň möhletini kesgitlemek we ş.m).

Wengriýa Parlament Respublikasy bolup, ýurduň esasy dolandyrylyşy Premýer-ministre we Hökümete degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň