Gruziýaly halas edijilere Swateniniň dagda ýiten ýaşaýjylarynyň ikisini tapmak başartdy, olar alty gün mundan öň ýitdi diýip, gruzin neşirlerine salgylanýan «Report.az» habar berdi.
Ýitenleriň biriniň garyndaşy Anýa Serediani: «Tapdylar, ikis-de diri!» diýip, sosial ulgamdaky sahypasynda şatlygyny paýlaşdy.
Mesti munisipalitetiniň Lasdili obasynyň ýaşaýjylary Gogita Parjiani we Georgiý Gwiçiani atly iki ýaş ýigit 21-nji iýulda daga gitdiler. Şondan soň olardan habar bolmady. Dogan-garyndaşlary ýagdaý barada «112» gullugyna ýüz tutdular.
Soňky birnäçe günüň dowamynda halas edijiler bilen bilelikde, Swateniniň ýaşaýjylary olary pyýada, atly we dronlaryň kömegi bilen gözlediler.