Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Guwlyduz” önümçilik toplumynyň önümleri üçin halkara güwänamalar berildi

07:0028.07.2024
0
12283


Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň barşynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän “Guwlyduz” önümçilik toplumynyň önümleriniň Ekologiýa menejment talaplaryna laýyk gelýän ISO 14001 güwänama, şeýle hem şu kärhanada lukmançylyk önümleriniň ISO 13485 menejment hil ulgamyna laýyk gelýändigi baradaky güwänama we bu kärhanada duz önümçiligi boýunça menejment hil ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky ISO 9001 talaplaryna laýyk gelýändigini aňladýan güwänama mynasyp bolandygy barada hem aýdyldy. Munuň özi ýurtda lukmançylyk edaralary üçin niýetlenen önümleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň