Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Geljek ýyl türkmen gazy Türkiýä iberilip bilner

15:5128.07.2024
0
7555

Türkiýe Eýranyň we Azerbaýjanyň üsti bilen türkmen gazynyň importyny geljek ýylda ýola goýmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar ýurduň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde eden çykyşynda mälim etdi.

– Deslapky tapgyrda Eýranyň we Azerbaýjanyň üsti bilen 2 milliard kub metre çenli türkmen gazynyň Türkiýä iberilmeginiň üstünde işleýäris. Bu babatda infrastruktura üçin goşmaça uly maýa goýumlaryna zerurlyk ýok. Şeýle-de bolsa, indiki tapgyrda infrastrukturany kämilleşdirmek üçin, gaz gysyjy beketleri hem öz içine alýan täze turbageçiriji gerek bolar. Şonda bu gaz Ýewropa bazaryna hem iberilip bilner - diýip, ministr belledi.

Alparslan Baýraktar bu meselede Azerbaýjan bilen hiç hili kynçylygyň ýokdugyny belläp, Eýran hem hyzmatdaşlyga goşulsa, gaz üpjünçiliginiň geljek ýylda ýola goýlup bilinjekdigine umyt bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň