Aktrisa Anýa Teýlor-Joý altyn kesgileme düzgünleri boýunça dünýäde iň owadan zenan diýlip yglan edildi. Britaniýaly plastiki hirurg Julian de Silwa şeýle netijä geldi diýip, «MIR 24» ýazýar.
«Anýa Teýlor-Joý ýüzüniň ähli bölekleri fiziki kämillik nukdaýnazaryndan ölçenende, ýeňiji boldy» diýip, lukman belledi.
De Silwa öz gelen netijesini matematiki hasaplamalar boýunça esaslandyrdy. Onuň sözlerine görä, aktrisanyň ýüzüniň deňölçeglili kämillik babatda 94,66 göterime golaýdyr. Onuň gözleri iň ýokary utuga (98,9 göterim), maňlaýy (98 göterim) we eňegi (97 göterim) eýe boldy. Emma aktrisanyň dodaklary bu babatda biraz yza galýar (92 göterim).
Ikinji orunda amerikan aktrisasy, aýdymçy, tansçy we model Zendeýa ýerleşdi, onuň dodaklaryna kämillik babatda 0,5 göterim ýetmezlik etdi. Üçünji orny ABŞ-dan 27 ýaşly supermodel Bella Hadid eýeledi, onuň eňegi 99,7 göterim gazandy diýip, «The Sun» britan gazeti ýazýar.
28 ýaşly Anýa Teýlor-Joý amerikaly-britan aktrisasy hem-de modeldir. Ol «Kiçi-serialda ýa-da telefilmde iň oňat aktrisa» ugry boýunça «Altyn globus» we Amerikan kinoaktýorlarynyň gildiýasynyň baýraklaryna mynasyp boldy. Ol «Şa aýalyň göçümi» we «Ýiti oýunlar» seriallaryndaky keşpleri bilen tanalýar.