Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanda otly 70 kilometr ýoly sürüjisiz geçdi

10:1127.02.2024
0
15719

Hindistanyň demir ýollary «gaçak otly» bilen bagly wakany derňeýärler, ol maşinistsiz 70 kilometr menzili özbaşdak geçdi diýip, «MIR 24» habar berýär.

Çagyl ýükli 50 wagondan ybarat ýük otlusy 25-nji fewralda Jammu ştatyndan Penjaba ýola düşdi. Ol Jammuda maşinistleriň çalyşmagy üçin saklandy. Maşinist we kömekçisi otludan düşen dessine otly beýik baýyrdan aşak inip ugrady.

Otly sagatda 100 kilometr tizlik bilen hereket edip başlady, onuň ýolundaky ähli demir ýol geçelgeleri ýapyldy. Otlyny diňe relslerde guralan agaç bökdençlikler bilen saklamak başartdy. Netijede, hiç kim ejir çekmedi.

Hindistanyň demir ýollary her gün millionlarça ýolagçy gatnadýar. Olaryň döwrebaplaşdyrylmagy, häzirki zaman duralgalaryň gurluşygy we elektron duýduryjy ulgamlaryň gurluşygy üçin örän köp möçberde serişde goýberildi.

Emma barybir şeýle garaşylmadyk hadysalar häli-şindi bolýar diýip, «The Guardian» neşiri habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň