Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Baş sekretary adam hukuklary boýunça täze maksatnamany yglan etdi

10:0127.02.2024
0
14849
 BMG-niň Baş sekretary adam hukuklary boýunça täze maksatnamany yglan etdi
Surat: news.rambler.ru

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş adam hukuklary boýunça täze maksatnamanyň işläp başlaýandygyny habar berdi, başlangyç onuň ähli agza-döwletler tarapyndan berjaý edilmegine gönükdiriler. Bu barada Guterriş guramanyň adam hukuklary boýunça geňeşiniň 55-nji ýygnagynda çykyşynda aýtdy. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Rambler.ru» habar berdi.

«Ýurtlar ilkinji nobatda adam hukuklarynyň goralmagy we üpjün edilmegi babatda jogapkärçilik çekýärler... Men Adam hukuklary boýunça ýokary komissar bilen bilelikde, adam hukuklarynyň goragy boýunça umumy ulgamlaýyn maksatnamasynyň işe goýberilýändigini habar berýärin» diýip, Guterriş aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary täze maksatnamada beýleki düzgünler bilen birlikde, adam gatnaşmazdan özbaşdak hereket edýän we adamlara zyýan edip biljek ýaraglaryň ulanylmagyna doly gadaganlygyň girizilýändigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň