Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana sapar bilen barar

03:2627.02.2024
0
25622

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana sapar bilen barar. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelip gowşan hatda aýdylýar. "Watan" habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, özbek Lideri türkmen halkynyň Milli Liderine ýollan hatynda:

– Siziň bilen çäksiz hormat goýmaga esaslanyp tüýs ýürekden ýola goýlan dialogymyzyň, gadyrly dostum, mundan beýläk-de yzygiderli we netijeli dowam etdiriljekdigi şübhesizdir. Siziň ýurdumyza amala aşyrjak saparyňyzyň özara hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, bilelikdäki möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn, – diýip belleýär.

Şawkat Mirziýoýew hatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iki ýurduň arasyndaky köpasyrlyk dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada ozal iberen haty üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edýär.

– Türkmen halkynyň beýik ogly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini Özbegistanda giňden bellemek baradaky kararymyz babatda Siziň pikiriňiz meniň üçin örän gymmatlydyr.

Ýaşlyk ýyllarynda gadymy Hywa şäherinde bilim alan hem-de türki we dünýä edebiýatynyň, dünýä medeniýetiniň ösdürilmegine bimöçber goşant goşan beýik şahyryň hiç haçan gymmatyny ýitirmejek eserleri we baý edebi mirasy biziň halklarymyzyň umumy ruhy genji-hazynasydyr.

Magtymgulynyň ajaýyp, kalba ýakyn şygryýetinde özbek we türkmen halklarynyň doganlyk gatnaşyklarynyň, beýik adamkärçilik häsiýetleriniň ýokary ussatlyk bilen wasp edilmegi aýratyn ähmiýetlidir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň umumybilim berýän we ýokary okuw mekdeplerinde diňe bir Magtymguly Pyragynyň däl, eýsem, Azady, Mollanepes, Andalyp, Kemine, Zelili we Seýdi ýaly türkmen halkynyň beýik şahyrlarynyň edebi mirasynyň öwredilýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.

Gadyrly doganym!

Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanyp, Özbegistanda şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleri guramaga türkmen tarapynyň işjeň gatnaşjakdygyna umyt edýäris.

Şol çäreleriň hatarynda ýaş ýerine ýetirijileriň arasynda “Magtymgulynyň goşgularynyň esasynda döredilen aýdymlary iň gowy ýerine ýetiriji” atly bäsleşigi geçirmek; Magtymguly Pyragynyň “Saýlanan eserlerini” hem-de onuň döredijiligi baradaky ylmy makalalaryň ýygyndysyny neşir etmek; kino we teatr sungatynyň ussatlarynyň gatnaşmagynda çeper filmi we sahna oýnuny döretmek; “Özbek edebiýatynda we sungatynda Magtymgulynyň döredijiliginiň eýeleýän orny” atly halkara ylmy maslahaty ýokary derejede geçirmek meýilleşdirilýär.

Nusgawy şahyryň hatyrasyna bagyşlanyp geçiriljek bu çäreleriň Magtymgulynyň ýubileýine mynasyp goşant boljakdygyna ynanýaryn. Siziň, şeýle hem Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu ýubileý şu ýyl ÝUNESKO-nyň howandarlygynda dünýä derejesinde giňden belleniler --- diýip, özbek Lideri hatynda ýazýar.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iberen hatynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Liderine we onuň ähli ýakynlaryna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we rowaçlyk, Halk Maslahatynyň Başlygynyň alyp barýan hormata mynasyp işinde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň