Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary we görnüşleri, gurluşygyna başlanan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, şeýle hem degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň merkezine geldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, dürli bezeg materiallaryny we yşyklandyryş ulgamyny ýerleşdirmek boýunça taslamalar hem çyzgylar bilen tanyşdy.
Görkezilen şekil taslamalaryň hatarynda Arkadag şäherindäki Çagalar seýilgähiniň baş meýilnamasy, bu ýerde gurulýan Döwlet muzeýiniň şekil taslamasy, binanyň içki bezeg işleri, Arkadag şäherinde guruljak Oba hojalygy uniwersitetiniň binalar toplumynyň teklip edilýän taslamalary bar.
Şeýle hem bu ýerde täze şäheriň aýratyn lukmançylyk-ykdysady zolagynyň – Lukmançylyk klasteriniň nyşanynyň şekil taslamasy görkezildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde görkezilen taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, bezeg materiallarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli belliklerini aýdyp, birnäçe talaplary öňe sürdi. Hususan-da, gurluşykda öňdebaryjy tejribäniň we ösen tehnologiýalaryň
işjeň ulanylmagynyň möhüm talapdygy bellenildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.