Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi, Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny doglan güni mynasybetli gutlady, Gazagystanda şahyr Magtymgulynyň 300 ýyllygy bellenildi we beýleki habarlar
Türkmenistan
1. Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlyklyk etmeginde ýurtda halk häkimiýetliliginiň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda ýurdy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem gün tertibine Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan şu ýyl ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.
2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito doglan güni mynasybetli iberen gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginde we ösdürilmeginde monarhyň şahsy goşandyny aýratyn belledi. «Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginde we ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyryljakdygyna uly ynam bildirýärin» diýlip, gutlag hatynda nygtalýar. Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito şu gün 64 ýaşyny doldurýar.
3. Ženewada geçirilýän ÝB-niň Içerki ulag boýunça komitetiniň 86-njy mejlisinde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Annadurdy Kösaýew Türkmenistanyň deňiz ulagyny sanlaşdyrmak ulgamynda gazanýan ösüşleri barada gürrüň berdi. Onuň çykyşynda bellenilişi ýaly, ýurtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» işjeň durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy işe girizildi. Şeýle hem ýolagçy peteklerini onlaýn satmak we müşderilerinden arzalary elektron görnüşde kabul etmek boýunça işler ýola goýuldy.
4. Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Milli golýazmalar we seýrek kitaplar merkezinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar halkynyň agzybirligini we garaşsyzlygyny arzuwlan akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen bu çäräniň ähmiýetini bellediler.
5. Aşgabatda Halkara zähmet guramasynyň sebit direktory Beata Andres Beata Andresiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda pudagara «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Çäräniň maksady Halkara zähmet guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Dialogyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda mynasyp iş meselelerini çözmegiň ýollary barada öz pikirleri bilen paýlaşdylar.
Dünýäde
6. Hojalyk tehnikalaryny bejermegiň çykdajylarynyň bölekleýin öwezini dolýan «Abatlaýyş üçin bonus» fransuz maksatnamasy eýýäm bir ýylda 178000 enjamy zibile taşlanmakdan halas etdi. 2022-nji ýylda işe girizilen bu maksatnama abatlaýyş çykdajylarynyň 25%-ne pul kömegini berýär, ýöne onuň möçberi 60 ýewrodan geçmeýär. Bu döwürde fransuzlar, köplenç, smartfonlary, kir ýuwýan we gap-gaç ýuwýan enjamlary abatladylar. Sorag edilenleriň 39%-i pul kömeginiň täze enjam satyn alman, abatlamagyň peýdasyna aýgytly şerte öwrülendigini aýtdy.
7. 5-nji iýunda patyşa Karl III-iň portreti ýerleşdirilen täze iňlis funtlary dolanyşyga giriziler. Täze pul birlikleri könelişenleri çalşyp, dowamly çap ediler we nagt pula artýan islegi kanagatlandyrar. 5, 10, 20 we 50 funt sterling pul birlikleriniň dizaýnynda monarhyň keşbinden başga ýeri öňküligine galar. Olaryň öň tarapynda patyşa Karl III-iň portreti, arka tarapynda bolsa häzirki banknotlardaky ýaly, meşhur şahsyýetleriň suratlary peýda bolar.
Sport habarlary
8. Türkmenistandan söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady Abdulla Babaýew Moskwada geçiriljek «Fight Nights 123» ýaryşyndaky ilkinji çykyşynyň öňüsyrasynda garaşylmadyk ýagdaýda garşydaşynyň çalşylmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Öň yglan edilen russiýaly Artýom Atakulowyň ýerine onuň garşydaşy Täjigistanyň wekili Abdulaziz Ýuldaşew bolup, ol söweşi gysga wagtda kabul etdi. Atakulow şikes sebäpli ýaryşdan çekildi. Söweş 23-nji fewralda Moskwada geçiriler. Ol göni ýaýlymda Aşgabat wagty bilen 21:00-dan «Udar» teleýaýlymynda görkeziler.
8. Mart-aprel aýlarynda Aşgabatda XIII Spartakiadanyň jemleýji ýaryşlary geçiriler. Sport çäresiniň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti çykyş edýär. Spartakiadanyň maksatnamasy 8 sany sport görnüşi: woleýbol, basketbol, suwda ýüzmek, ýeňil atletika, stol üstünde oýnalýan tennis, tennis, milli göreş we küşt boýunça ýaryşlary öz içine alýar. Ýeňijiler Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýörite sowgatlar, kuboklar we medallar bilen sylaglanar.